★★★★★
Average rating on the App Store. Apple doesn't publish how many ratings each star has.
This app isn't in any of our charts yet.
Täzelikler 1.0.1: • Adyňy indi esasy ekrandan we Sazlamalar bölüminden üýtgedip bolýar. • Ähli gönükmelerde jogabyň dogrudygy bada-bat görünýär. • Gönükme belgileriniň zolagynda diňe dogry jogaplar ýaşyl bolýar. • Uly harplar indi kesilmeýär. • Ekran telefonyň ýokarky we aşaky zolaklarynyň aşagyna girmeýär. • Ulgamda "hereketi azalt" saýlanan bolsa, animasiýalar peselýär. • "Awtor we wersiýa" bölüminde goşant goşanlar we habarlaşmak salgylary bar. • Öňegidişlik has ygtybarly saklanýar.
Hytaý dili 1 — türkmen dilinde hytaý dilini öwrenmek üçin mugt programma. Maksadymyz — sada we düşnükli ýol bilen başlangyç derejäni özleşdirmek. Esasy pelsepe: ilki teoriýa (sözler, grammatika, dialoglar), soň gönükmeler, soň synag. • 31 bap: 0-njy bap — aýdylyş, 1–30-njy baplar — esasy okuw materialy • Her bapda 17–22 täze söz, 3–4 grammatika düzgüni, 1–2 dialog we 20 gönükme • 600 gönükme, 7 dürli görnüş • Bap synagy: 20 gönükmeden 15-si tötänleýin saýlanýar, her gezek başgaça soraglar düşer • Iýeroglif ýazuwy: 768 iýeroglif, barmak bilen ekranda çyzýarsyň, her çyzygy dogry tertipde • Aýdylyşy diňläp öwren Programma esasan oflaýn işleýär — sözlükler, grammatika, gönükmeler we iýeroglifler telefonyňda saklanýar. Diňe aýdylyş seslerini diňlemek üçin internet gerek bolup biler. Mahabat ýok. Hasap açmak gerek däl. Şahsy maglumat ýygnalmaýar.